Asudalygyň goragynda | Baş sahypa

Source: https://asuda.gov.tm/ceper-doredijilik/551

Archived: 2026-04-23 17:17

Asudalygyň goragynda | Baş sahypa
Aşgabadym – ak bagtym!
26.09.2023
4370
A
ŞGABAT –
dost-doganlyk
merkezi.
Aşgabat – ählumumy rowaçlygyň, ösüşiň ojagy.
2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýlelikde, 2013-nji ýyldan başlap, 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenilip başlandy. Bu buýsandyryjy waka gözel paýtagtymyzyň göwün göteriji keşbine, päkizeligine, ekologik abadançylygyna we Gahryman Arkadagymyzyň döwrümiziň beýik binagäri hökmündäki zehin-ussatlygyna berlen ýokary baha boldy.
Paýtagtymyz Aşgabadyň gözel ýerleri, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen binalary bolsa, “Sanasaň sogaby bar” diýleni. Bular hakynda aýratyn söhbet açylsa, ýerlikli bolar. Men bolsa asudalygyň goragçysy hökmünde goşgy setirleri arkaly ýürek buýsanjymy beýan etmegi makul bildim.
Eteginde Köpetdagyň,
Ýada salar erem bagyn!
Binagäriň – Arkadagym!
Peşgeş beren ak bagty,
Aşgabadym – paýtagtym,
Aziýanyň dür-merjeni,
Ýagtyldyp dur geljegi,
Yşgyň kämil ölçegi,
Wysal tapan ak bagtym,
A
şgabadym – paýtagtym.
Dünýäň dostluk merkezi,
Dost-ýar eder her kesi.
Şäherleriň seresi
Wysal tapan ak bagtym,
Aşgabadym – paýtagtym.
Bir ýüz kyrk iki ýaşy,
Ak mermerden degre-daşy,
Gül zeminiň göwher gaşy,
Wysal tapan ak bagtym,
Aşgabadym – paýtagtym.
Döwrümiziň sesine sesimizi goşup, ak şäherimiziň asudalygyny gorap, ýaşamaga döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleridir döwrebap şertleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik tutumlary elmydama rowaç alsyn!
GURBANMÄMMED SEÝITDÄÝEW, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant.
Köp okalan
Altyn Güýz
01.10.2023
5924
Özüňi özgertmegiň özeni
22.09.2023
5287
Wadaňda wepa bolmasa...
22.09.2023
4527
Aşgabadym – ak bagtym!
26.09.2023
4370
Tamamlanyp barýan ýylda ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri
30.12.2023
4368
Watana baglanan ömür
21.11.2024
3725