Asudalygyň goragynda | Baş sahypa

Source: https://asuda.gov.tm/ceper-doredijilik/543

Archived: 2026-04-23 17:19

Asudalygyň goragynda | Baş sahypa
Wadaňda wepa bolmasa...
22.09.2023
4528
Adaty ýaz günleriniň biridi, hoşboý ysly howada baglaryň gülläp, ýaşajyk maýsalaryň ygşyldaşyp oturmagy, guşlaryň jürküldeşýän sesleri tebigatyň gözelligine has-da gözellik goşýardy. Adaty gün bolsa-da, Myrat üçin bu gün üýtgeşikdi, ýüregi tolgunmakdan ýaňa öňküsindenem çalt urup nirädir bir ýerlere alňasaýan ýalydy.
Myradyň ýaşaýan şäherçesi köp milletlidi, ol özüniň bir mekdepde bile okan rus gyzy Mariýany çagalykdan sulhy alypdy. Bularyň ýaşaýan ýerleri ýurt araçägindedi, Myrat bilen Mariýanyň kakalary bir harby bölümde bile işläp Watana wepaly gulluk edip zähmet çekýärdiler, maşgalalary bolup hem agzybirlikde gatnaşýardylar. Şeýle golaýdan gatnaşmak bolsa bu ýaşlaryň bir-birini doly tanamagyna päsgelçilik döretmedi, olary has-da bir-birine ysnyşdyrdy. Hemişe görşüp ýören hem bolsa, bu gün Myradyň ýüregindäki bolup geçýän harasat Mariýanyň ýanyna ilkinji gezek barýan ýalydy. Hawa, ol ilkinji gezek barýardy, ol hemişe görýän dosty, synpdaşy Mariýanyň ýanyna däl-de özüniň ömür ýanýoldaşy boljak, agzybirlikde egin-egne berip, durmuşyň çarkandakly ýollarynyň ajysyny-süýjüsini deňine çekişjek ýeke-täk söwer ýarynyň ýanyna barýardy.
Mariýanyň uzyn sary saçlary, aý ýaly owadan ýüzünde gyýylyp duran gaşlaryna degip duran kirpikleri, birinji gezek nazaryň
düşäýse, wagty bilen gözüňi aýryp bolmaýan dury asmany ýadyňa salýan balkyldap duran gök gözleri, aýratynam türkmen gyzlary bilen bäsleşýän asyllylygy, sadalygy, sypaýyçylyk bilen gürleýşi görenleri haýran galdyrýady. Bu şäherçe welaýat merkezinden uzakda ýerleşendigi sebäplimi, ýa bolmasa adamlaryň bir-biri bilen agzybir, ysnyşykly gatnaşýandyklary sebäplimi şäherçe däl-de, gadymy türkmen obasynyň medeniýetini ýadyňa salýardy. Adamlar bir-birini tanaýardylar, ýaş kiçiler ýaş ulularyň deňinden salamsyz geçmezdiler. Orta mekdebi okap tamamlan ýaşlaryň käbiri paýtagta, welaýat merkezine okuw jaýyna bilimini ýokarlandyrmaga gitseler, käbirleri şäherçäniň hojalyk işlerine kömek etmäge höwes ederdiler. Bagty açylyp durmuş toýuny tutmaga hyýallanýanlary hem az däldi.
Myrat hem ýokary okuw jaýyna taýynlanýardy, ol gerekli resminamalary jemlemek üçin şäherçe merkezine gidip gelipdi, öýe gireninde kakasynyň dosty bilen günorta naharyny edinip oturandygyny aňdy, içeri girip salamlaşmaga gyssanmady. Sebäbi, onuň gulagyna eşidilen gürrüň ony saklanyp, gürrüňiň yzyny diňlemäge mejbur etdi. “Okuwa-da ugratmaýynda durmuşa çykaraýyn, gyz çaga kişi maşgalasy bolýar, nesibesinde bolsa ýoldaşy bilen ýokary okuwa soň gitse hem bolar. Ilki bilen saňa bir maslahat salaýyn diýdim...” bu sözleri eşiden Myrat Mariýanyň kakasyny sesinden tanady, onuň başy aýlanyp gitdi, özüni aşak goýberdi, kellesinde müň dürli pikirler gelip geçdi “Wah-h-h, gijä galdym öýdýän, duýgym meni aldaýdymyka, onuň hem mende göwni bardyr öýdýärdim, özüme aşa baha beräýdimmikam, indi näme etmeli, el çekäýmeli bolarmykam...” iki eli bilen kellesini tutup oturan Myrady gören ejesi aljyaraňňy ýagdaýda ogluna topuldy. “Oglum näme boldy saňa, janyň sagmy, haçan geldiň...” ejesiniň yzygider berýän soraglarynyň hiç birini-de Myrat eşidenokdy. Diňe göz öňünde özünden uzaklara gidip ara açyp barýan Mariýanyň keşbi janlanyp gamgyn halda gitdigiçe salgym bolup daşlaşýardy. Gözleriniň owasyna dolan ýaş damjalary damaýyn-damaýyn diýip dursa-da möňňürip aglamakdan Myrady erkek namysjaňlygy saklady. Ejesi goltuklap diýen ýaly ony beýleki otaga geçirdi, biraz özüni dürsäninden soň Myrat ejesine kakasy bilen Mariýanyň kakasynyň arasyndaky eşiden gürrüňini aýtdy, ene ýüregi çagasynyň näme diýmekçi bolýanyny derrew aňlady, doly aýtmaga çekinip sözlerini üzlem-saplam edip sakynyp duran ogluny mundan beter heläk etmän ene ýüregi balasyna kömek etmäge gyssandy. Myradyň sözüni doly diňlemän kesdi-de: “wah jan oglum men kakaň bilen maslahat edeýin, sen beýdip aljyrap özüňi köseme, halan gyzyň, ýazgyt nesibäňde bolsa hiç bir zat päsgel berip bilmez, geç hany senem biraz garban” diýip, Myradyň öňüne tabakdaky naharyny süýşürip çykyp gitdi.
Aradan iki-üç gün geçdi. Myrat bolsa, ýüzüni sallap, hiç bir zat bilen mazasy bolman, ýokary okuw resminamalarynam düzetmegi goýbolsun edip, her gününi birsydyrgyn geçirýärdi. Kellesinde diňe ökünçler, aýdylman galan söýgi sözleri, ahmyrly geçmeli boljak durmuşy barada pikirler aýlanyp durdy. Bu gün hem daňdanyň mylaýym şemaly göýä ene hüwdüsi ýaly ony uka gidirdi.
Şol ýatyşyna gelejege hiç hili höwesi galmadyk oglan gün günorta golaýlandygyna garamazdan başyny ýassykdan galdyrasy gelmän esli ýatdy. Näçe wagt ýatany belli däldi, birdenkä ejesiniň begençden ýaňa tolgunyp sandyraýan sesine özüne geldi. Ejesi alakjap geldi-de ogluny gujaklady- “ýüregim duýdy meniň. Asyl meniňem Maral janyň türkmen gyzlarynyňkydan pes bolmadyk edep-ekramyna synym oturýardy. Oglum, Maral ýaly asylly maşgalany gelin edinip bilsem armanym ýok” diýip ogluny gujaklap maňlaýyndan ogşady-da hiç zat düşündirmänem başyna gaý bolup çykyp gitdi. Öz deň-duşlary hakyky adyny tutup Mariýa diýselerem ýaşulular oňa türkmençeleşdirip Maral diýýärdiler. Soň görüp otursa ejesi adaty bolşy ýaly, Maralyň ejesi bilen şäherçäniň bir çetinde ýaşaýan tanyşlarynyňka toý çakylygyna giden ekenler. Ýolda bolsa Maralyň ejesi gyzyna gudaçylyga gelnendigini, emma gyzlarynyň hiç hili göwnemändigi sebäpli sawçylary gaýtarmaly bolandygyny gürrüň beripdir. Myrat günorta naharyna gelen kakasy bilen ejesiniň arasyndaky gürrüňi bialaç diňlemeli boldy, olar şu gün Marallaryňka sawçylyga gitmeli diýen karara geldiler.
Yssy suwsuz çölde ýeke özi galyp, usurgap, saralyp-solup barýan bagyň düýbüne akar suw gelip suwdan ganyp janlanan ýaly Myrat uludan demini aldy.
Myrat tolgunýardy, özüniň durmuşyny Maralsyz göz öňüne getirip bilmeýän oglany bu gün gül desseleri bilen, söýgüden doly ýüregi ilkinji söýgi duşuşygyna, arzuwlan gyzyna tarap alyp barýardy. Maral hem Myratdan kem däldi, öňki jak-jaklap gülüp-degip salamlaşýan Maraldan nam-nyşan ýokdy. Oňa derek owadan gök gözlerini gabaklarynyň astynda gizläp, utançdan ýaňa gyzaran ýaňaklaryny çalaja sandyraýan elleri bilen tutup, ýere bakyp sülmüräp duran Maralyň hem ýüreginde näme harasatlar gopýandygy onuň bir özüne bellidi. Maral bilen Myrat biraz özlerini dürsänlerinden soň biri-birine täzeden öwrenişmäge başladylar, bu duýgy öňki dostluk duýgusyndan has ýokarydy, sebäbi durmuşa gadam basanyňdan soňra iki adam birek-birege däl-de, iki bolup bir ýola seretmelidi. Olar bir-birine “ömürlik wepalylyk” barada ant içdiler. Hiç haçan ikilik etmezlik barada berlen söz bulary bir-birege ýakynlaşdyryp, söýgi oduny has-da tutaşdyrdy. Gudalar ylalaşandan soňra tomsuň “örküjinde” ýaş juwanlar uludan toý tutdylar.
Ýaşlar bagtlydylar, Myrat bilen Maral paýtagta ýokary okuw mekdebine okuwa girdiler. Maral mugallymçylyk käriniň Myrat bolsa kakasynyň ýolundan ýöräp leýtenant harby derejäni eýeläp öz mekanlaryna dolanyp bardylar. Bu iki ýaş juwana görenler haýran galýardy olaryň bir-biregi sylaýşy, hormat goýuşlary hemmeleriň dilindedi. Maral maşgala hyzmat etmekde, edep-ekramda, geýinmekde hiç bir türkmen zenanyndan gaýra durmaýan asylly zenan boldy. Wagtyň geçmegi bilen maşgala ulaldy. Olaryň bir ogul, birem gyzlary dünýä indi. Aradan on ýyla golaý wagt geçdi. Maşgalanyň özüne ýeterlik aladalary bar, bir aladany bitirse ikinji birini kynlyk bilen ýerine ýetirýän ýa-da ýadyndan çykaryp goýberýän Myrady Maral günäkärlänokdy. Eger sebäp gerek bolsa, diňe onuň işiniň köpdügi hemde biraz wezipesiniň ulalyp, jogapkärçiliginiňem artmagy sebäp diýip pikir edýärdi. Gelniniň ynamyna doly giren Myrat bolsa gün geçdigiçe iş saparyna gitmegini ýygjamlaşdyrýardy, emma, “söýgä wepalylyk” barada öz beren sözüne henize çenli ikilik etmedik ýanýoldaşy barada gara pikir etmek Maralyň asla ýadyna-da düşenokdy. Öý-içeri, çagalar, mekdepdäki işleri bilen başagaý bolup ýören Maral bir gün welaýat merkezine iş üstünden gitmeli boldy, ýanýoldaşynyň başga bir welaýata iş saparyna gidendigini göz öňünde tutup, öz işlerini bitirip hojalyga gerekli zatlary almak üçin söwda merkezine sowuldy. Söwda merkezine gireninde Maral özüniň gözlerine ynanmady, ol duran ýerinde doňup galdy. Onuň garşysynda başga bir nätanyş gelniň elinden tutup, söwda merkezine aýlanyp ýören adamsy, beren sözüne biwepalyk eden Myrat durdy. Ol hem pete-pet gabat gelen Maraly görüp, aljyrap edil gysymynda ýylan bar ýaly elini silkip aldy. Näme hereket etjegini bilmän ol hem doňup durdy. Maraly der basdy, birden özüne gelip ogurlykda tutulan ýaly aljyrady, aýaklary göwresini götermejek ýaly sandyraýardy, ol gyssanmaç daşaryk ylgady.
Öýüne zordan özüni atan gelin aglaýyn diýse-de aglap bilenokdy, diňe gözlerini bir nokada dikip, özüniň çagalyk döwründen bäri Myrat bilen geçiren her bir pursatlaryny janlandyryp, wepalylyk barada söz berşen pursatlaryndaky aýdyşan sözlerini birin-birin ýuwaşjadan pyşyrdap yzygider gaýtalaýardy. Öz gözi bilen gören wakasyna-da ynanasy gelmän, “şu wagt düýş bolsady, meni oýarsadylar” diýip içini gepledip, penjireden daşary seredip näçe wagt durany belli däldi. Birden öý telefonyna gelen jaň sesi Maraly özüne getirdi, telefon trubkasynda näbelli bir erkek adam “siziň ýanýoldaşyňyz awtomobil heläkçiligine uçrady, sizi iň soňky gezek görsem diýýär, gyssanyň” diýdi. Maralyň ýüregi ýerinden süýşen ýaly boldy, gözýaşlaryna erk edip bilmän hassahana tarap howlukdy.
Durdyýewa Aýnagözel polisiýanyň maýory
Köp okalan
Altyn Güýz
01.10.2023
5924
Özüňi özgertmegiň özeni
22.09.2023
5287
Wadaňda wepa bolmasa...
22.09.2023
4528
Aşgabadym – ak bagtym!
26.09.2023
4371
Tamamlanyp barýan ýylda ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri
30.12.2023
4368
Watana baglanan ömür
21.11.2024
3725