Asudalygyň goragynda | Baş sahypa

Source: https://asuda.gov.tm/habar/6906

Archived: 2026-04-23 17:20

Asudalygyň goragynda | Baş sahypa
Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň hyzmatdaşlygy
18.04.2026
90
2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Miranda Faýermanyň ýolbaşçylygyndaky Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrleriniň orunbasarlarynyň hem-de Baş prokurorynyň orunbasarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan bu duşuşyga Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň orunbasary polisiýanyň polkownigi Saparbaý Kömekow, ministrligiň Hukuk we halkara gatnaşyklary müdirliginiň müdiri polisiýanyň podpolkownigi Geldimyrat Haldurdyýew hem-de şol müdirligiň Daşary aragatnaşyklar bölüminiň müdiri polisiýanyň podpolkownigi Geldimyrat Weliýew dagylar gatnaşdy.
HZG-niň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň esasy maksady - amaly çäreleri geçirmekden, hususan-da, ýurduň welaýatlarynda döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik hyzmatdaşlaryň giň toparynyň gatnaşmagynda bilelikdäki maslahatlary geçirmekden ybarat boldy.
Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň HZG bilen hyzmatdaşlygynyň ulgamlaýyn we durnukly häsiýete eýedigini belläp geçdiler. Bu hyzmatdaşlyk milli kadalaşdyryjy binýady kämilleşdirmegi we halkara zähmet ülňülerini ornaşdyrmagy öz içine alýar. Bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginde pudagara utgaşdyrmanyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligiň wekilleri çykyş edip, ministrlik we onuň ýerlerdäki birlikleri tarapyndan Türkmenistanda zähmet kanunçylygynyň bozulmagyna garşy alnyp barylýan işler, görülýän öňüni alyş çäreleri hem-de bu ugurda adam hukuklarynyň berjaý edilmegi dogrusynda gürrüň berdiler.
Şeýle-de, 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynyň” durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.
Taraplar geçirilýän çäreleriň netijelerine oňyn baha berdiler. Hususan-da, 2025-nji ýylyň barlaglarynyň netijeleriniň hödürlenmegi we ýerlerde amaly seslenmäniň alynmagy bellenildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmäge we netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Köp okalan
Talyplarymyzyň gazanan üstünlikleri
16.11.2024
21076
“CyberQuest ” hakaton bäsleşiginde talyplarymyzyň üstünlikleri!
01.04.2024
20255
Kiberhowpsuzlygy boýunça bäsleşik geçirildi
05.05.2023
18411
Talyplarymyzyň üstünlikleri
17.11.2023
6056
Içeri işler ministrliginiň ýaş hünärmenleri Ýaşlar baýragyna mynasyp boldular
16.11.2022
5987
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty okuwa çagyrýar
05.02.2023
5967