Asudalygyň goragynda | Baş sahypa
Source: https://asuda.gov.tm/habar/6901
Archived: 2026-04-23 17:14
Asudalygyň goragynda | Baş sahypa
“Pederleriň göreldesi – nesilleriň ýörelgesi”
18.04.2026
159
Şu gün Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň Medeniýet öýünde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, Gahryman Arkadagymyzyň mährem kyblasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanan “Pederleriň göreldesi – nesilleriň ýörelgesi” atly çäre geçirildi.
Ilki bilen harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary hem-de işgärleri, içeri işler edaralarynyň weteranlary, Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplary, Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçylary hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminde ýerleşýän heýkeline gül desselerini goýdular. Bu bolsa ozalky içerki gullugyň podpolkownigi – Mälikguly aga, ýurt goragçylarynyň şu günki nesilleri tarapyndan goýulýan aýratyn sarpadan nyşandyr.
Soňra olar Çoganly ýaşaýyş jaý toplumyndaky Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumyna tarap ugradylar. Bu ýerde Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň Dolandyryş binasyndaky içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň güberçek görnüşindäki heýkeline tagzym etdiler. Çärä gatnaşyjylar Dolandyryş binasynda mäkäm kök urup, bu ýere özboluşly bezeg berip oturan tut agajyny synladylar. Içeri işler edaralarynyň weteranlary bu tut agajynyň, nesil dowamatlylygynyň nyşany hökmünde 2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň ulanmaga berlen gününde Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň oturdanlygy barada ýaş nesliň wekillerine gürrüň berdiler.
Dolandyryş binasynda Mälikguly Berdimuhamedowyň özboluşly muzeýi hem ýerleşýär. Onda arhiw materiallary, dürli resminamalaryň, şahadatnamalaryň, şol sanda harby atlar baradaky şahadatnamalaryň nusgalary, döwlet sylaglary, suratlar jemlenendir. Bu arhiw gymmatlyklaryny synlan maslahata gatnaşyjylaryň kalplary içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedow baradaky ýakymly ýatlamalar bilen gurşaldy. Dolandyryş binasyndaky ýörite otagda içeri işler edaralarynyň weteranlary jemlenip, Mälikguly aga baradaky ýakymly ýatlamalaryny paýlaşdylar. Şeýle ýatlamalary Mälikguly Berdimuhamedowy gören gözlerden, işleşen egindeşlerinden, tälimini alan şägirtlerinden eşitmek aýratyn täsirli boldy.
Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, işgärleriniň we harby gullukçylarynyň, içeri işler edaralarynyň weteranlarynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplarynyň hem-de esgerleriň gatnaşmagynda maslahat başlandy.
Maslahatyň başynda
oňa gatnaşyjylar Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň, “Serpaý” tans toparynyň tansçylarynyň we Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplarynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde “Peder pendi” atly edebi-sazly kompozisiýasyna tomaşa etdiler. Bu edebi-sazly kompozisiýada mert pederlerimiziň göreldesiniň bu günki günde nesillere aýdyň ýörelgedigi nygtalýar. Milli äheňiň, merdanalygyň ruhy siňdirilen kompozisiýa görenlerde ýakymly täsirleri galdyrdy.
Maslahatda çykyş edenler Mälikguly aganyň geçen zähmet ýolunyň häzirki döwrüň Watan goragçylary üçin nusgalyk mekdepdigini, halypa weteranyň hakydalarda öçmejek yz goýandygyny, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda köp ýyllaryň dowamynda çeken döredijilikli, halal, päk ýürekli we nusgalyk zähmeti, göreldeli gullugy, asylly ahlak sypatlary bilen watansöýüjiligiň, Watana, halka hyzmat etmegiň belent nusgasyny görkezendigini nygtadylar.
Maslahatyň dowamynda harby-hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň aýdym-saz toparlarynyň ýerine ýetirmeginde Mälikguly aganyň sözlerine döredilen “Uruş bolmasyn”, “Köp ekeliň dänäni” diýen aýdymlar, şeýle hem Mälikguly aganyň ömür ýoluny beýan edýän ýatlama aýdymlar ýaňlandy. Bularyň ählisi maslahata gatnaşyjylar tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen kabul edilip, olarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.
Çäre tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar harby bölümiň muzeýine aýlanyp, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň ömür ýoly bilen baglanyşykly muzeý eksponatlarynyň sergisini synladylar. Bu ýerde Mälikguly Berdimuhamedowyň eden işleri, ýeten derejeleri, gazanan üstünlikleri çärä gatnaşyjylara giňişleýin görkezildi. Olar Mälikguly aganyň şahsyýet hökmünde beýik işleri bitirendigine ýene bir ýola göz ýetirdiler.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedow ömrüni iliniň-gününiň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda halal zähmete bagyş eden ajaýyp ynsan hökmünde, diňe bir içeri işler edaralarynyň işgärleriniň däl, eýsem ähli halkymyzyň kalbynda müdimilik ýaşar.
Köp okalan
Talyplarymyzyň gazanan üstünlikleri
16.11.2024
21076
“CyberQuest ” hakaton bäsleşiginde talyplarymyzyň üstünlikleri!
01.04.2024
20254
Kiberhowpsuzlygy boýunça bäsleşik geçirildi
05.05.2023
18411
Talyplarymyzyň üstünlikleri
17.11.2023
6056
Içeri işler ministrliginiň ýaş hünärmenleri Ýaşlar baýragyna mynasyp boldular
16.11.2022
5987
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty okuwa çagyrýar
05.02.2023
5967