Asudalygyň goragynda | Baş sahypa

Source: https://asuda.gov.tm/habar/4269

Archived: 2026-04-23 17:15

Asudalygyň goragynda | Baş sahypa
“CyberQuest ” hakaton bäsleşiginde talyplarymyzyň üstünlikleri!
01.04.2024
20255
2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” ýylynda mart aýynyň 18-19-na Türkmenistanyň binägärlik-gurluşyk instituty tarapyndan “Cyber Quest” hakaton atly bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik toparlaýyn görnüşinde geçirildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutyny 4-nji ýyl talyby Ýazmyradow Muhammetnazar, 3-nji ýyl talyby Temirow Akmuhammet hem-de 2-nji ýyl talyby Rejepdurdyýew Merdan dagylar üstünlikli çykyş edip, Gran-Pri baýragyna mynasyp boldular.
Talyplaryň arasynda geçirilen toparlaýyn Hakaton-bäsleşigi oňa gatnaşyjylaryň sanly tehnologiýalar ulgamynda bilim derejelerine we ukyp-başarnyklaryny görkezmäge, bu ugurda ösen pikirlenişi bolan hem-de häzirki zamanyň sanly ulgam dünýäsinde erkin ugur almaga ukyply, has zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.
Şu bäsleşigi geçirmek bilen, ýaşlaryň ylmy işlerini höweslendirmek, innowasion tehnologiýalary üstünlikli ulanmaga we sanly çözgütleri döretmäge, giňden pikirlenmäge hem-de çylşyrymly wezipeleri özbaşdak çözmäge ukyp-başarnykly, işjeň ýaşlary terbiýelemek we goldamak esasy maksatlaryň biri boldy.
Köp okalan
Talyplarymyzyň gazanan üstünlikleri
16.11.2024
21076
“CyberQuest ” hakaton bäsleşiginde talyplarymyzyň üstünlikleri!
01.04.2024
20255
Kiberhowpsuzlygy boýunça bäsleşik geçirildi
05.05.2023
18411
Talyplarymyzyň üstünlikleri
17.11.2023
6056
Içeri işler ministrliginiň ýaş hünärmenleri Ýaşlar baýragyna mynasyp boldular
16.11.2022
5987
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty okuwa çagyrýar
05.02.2023
5967